ÝTÖB türkmen pomidor öndürjisine $2.5 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB türkmen pomidor öndürjisine $2.5 million karz serişdesini berýär
Agromar haryt nyşanly pomidorlara ýerli bazarda, Russiýada, Gazagystanda we Gyrgyz Respublikasynda uly isleg bildirilýär.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) türkmen Agromar haryt nyşanly pomidor öndüriji kompaniýasyna önümçilik desgalaryny giňeltmek üçin $2,5 million möçberinde karz pul serişdesini berdi.

ÝTÖB-niň geçen hepde habar berşi ýaly, Agromar haryt nyşanly pomidorlara ýerli bazarda, Russiýada, Gazagystanda we Gyrgyz Respublikasynda uly isleg bildirilýär. Agromar haryt nyşanly pomidor öndüriji Milli Hasyl hojalyk jemgyýeti ÝTÖB-den alnan karzy gidroponika ýyladyşhanasyny giňeltmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa öňdebaryjy sowadyş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan goşmaça 5 gektar ýyladyşhana gurmagy göz öňünde tutýar.

Kärhana ýyllyk önümçilik kuwwatyny 1500 tonnadan 3000 tonna çenli artdyryp, önümiň köp bölegini eksport etmegi maksat edinýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gidroponiki ýyladyşhana topragy ulanmazdan we suw sarp etmezden ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýokary netijeli tehnologiýadyr. Gidroponiki ýyladyşhanalar suwuň sarp edilişini azyndan 75% azaltmak bilen gözegçiligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 80 taslama 293 million ýewro maýa goýdy.

2022