“KAMAZ” Türkmenistanda hyzmat merkezleriniň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“KAMAZ” Türkmenistanda hyzmat merkezleriniň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Türkmenistan sebitde KAMAZ önümlerini satyn almakda öňdebaryjy orny eýeleýär.

Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglar öndürijisi “KAMAZ” Türkmenistanda hyzmat merkezleriniň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti penşenbe güni habar berdi.

Hyzmatlaryň gurluşygy Maryda, Türkmenabatda, Daşoguzda we Balkanabatda meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň iýun aýynda “KAMAZ” tehnikalarynyň 2000 sanysyny almak boýunça Karara gol çekipdi. Bu tehnikalar geçen ýylyň dowamynda ýurda tapgyrlaýyn gelip gowuşdy.

Türkmenistan sebitde KAMAZ önümlerini satyn almakda öňdebaryjy orny eýeleýär. Ýylda 1000 ýük awtoulagyna hyzmat etmek üçin niýetlenen ilkinji hyzmat ediş nokady Russiýanyň awtoulag öndürijisi tarapyndan Aşgabatda 2008-nji ýylda açyldy.