Türkmenabadyň tikin fabrigi önümçilik meýilnamasyny 131% ýerine ýetirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň tikin fabrigi önümçilik meýilnamasyny 131% ýerine ýetirdi
Türkmenabadyň tikin fabriginde, esasan-da, harytlaryň aglaba bölegi harbylar üçin niýetlenip, belli bir mukdarda ulular we çagalar üçin hem egin-eşikler tikilýär. (Surat: Jeyhun.news)

Türkmenabadyň tikin fabriginiň 2020-nji ýyl boýunça meýilnamasynda görkezilen 35 million 506 müň 179 manatlyga derek 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, Türkmenabadyň tikin fabriginde, esasan-da, harytlaryň aglaba bölegi harbylar üçin niýetlenip, belli bir mukdarda ulular we çagalar üçin hem egin-eşikler tikilýär.

Şeýle hem, daşary ýurtlardan döwletimize getirilýän önümleriň ornuny tutýan mekdep torbalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragynyň öndürilendigi habar berilýär.

Häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý gelin-gyzlar zähmet çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşlige ukyply önümlerini öndürýärler.

2022