Türkmenistan we Owganystan özara hyzmatdaşlygy giňeldýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Owganystan özara hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. (Surat: Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky topar penşenbe güni Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparyna ugrady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň elektron saýty habar berýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da ministr R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar, Haj we dini meseleler boýunça ministri Mohammad Kasym Halimi, şeýle hem OYR-nyň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

Söhbetdeşlikleriň çäklerinde iki goňşy ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň giň toplumyna seredilip geçildi. Şonuň ýaly-da özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi babatynda pikirler alyşyldy.

Anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana meýilleşdirilen iş sapary barada aýdyp, onuň dowamynda geçiriljek duşuşyklarda garaljak meseleleriň iki ýurt üçin hem örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetini OYR-na gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

2022