“Hilal” hususy kärhanasy Daşoguz şäherinde mebel önümlerini we demir önümleriniň käbir görnüşlerini öndürýän täze kärhana gurmagy meýilleşdirýär.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, bu önümçilik kärhanasy Zaman köçesinde iki gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzüminde önümçilik sehi we tehniki ähmiýetli zerur binalar bolup, kärhana 200 adamy iş bilen üpjün etmäge we ýylda iki müňe golaý önüm gurnamalaryny çykarmaga mümkinçilik berer.
Önümçilik kärhanasyny ýokary tehnologiýaly, şol sanda “Hilal” HK-nyň häzirki sehindäki enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda binanyň guruljak ýerine gerekli gurluşyk harytlary getirilip başlandy.
Kompaniýa demirgazyk sebitiň iň baýry hususy düzümleriniň biri bolup, ýokary hilli agaç we demir gapylary, dürli ähmiýetli mebelleri hem-de plastik penjireleri çykarmaga ýöriteleşdirilendir. Ýyllarboýy toplanan tejribe kärhananyň hünärmenlerine gysga wagtda uly möçberli we giň gerimli önümçiligi ýola goýmaga mümkinçilik berer.