Türkmenistan we Hindistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Hindistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Türkmen tarapy Hindistany Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy. (Surat: "Reuters")

Çarşenbe güni Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrlikleriniň orunbasarlarynyň derejesinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, maslahata türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar sebit we halkara gün tertibine degişli bolan, şol sanda Owganystan bilen bagly meseleler dogrusynda pikirleri alyşdylar, hyzmatdaşlygyň giň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn özara hereketleriň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, sebit ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleriň alyşylmagy, şeýle hem umumy ähmiýeti bolan köpugurly takyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli halkara meýdançalary bolup çykyş edýän “Hindistan - Merkezi Aziýa” Dialogynyň we “Hindistan - Merkezi Aziýa” Işewürlik Geňeşiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy aýratyn nygtaldy we onuň depgininiň soňky döwürde ähmiýetli derejede işjeňleşdirilendigi hem bellenilip geçildi.

Türkmen tarapy öz nobatynda Hindistany Türkmenistanda hususy pudagyň ösdürilmegi maksady bilen döredilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň jemleri boýunça iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky däp bolan özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek babatynda ylalaşdylar.