Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenistanda ekspres–testleriň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenistanda ekspres–testleriň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi
“DiproMed” kompaniýasy keselleri anyklamak üçin ekspres–testleri öndürýär. (Surat: “DiproMed”)

Türkmen döwlet edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň we hususy sektoryň  wekilleri Awstriýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen sişenbe güni onlaýn gepleşikleri geçirdiler. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär. Gepleşikler Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan Wenadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň kömegi bilen guraldy.

Gepleşiklere “Sigmafarm” we “DiproMed” ýaly farmasewtik kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar we lukmançylyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda derwaýys teklipleri öňe sürdiler.

Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk önüm öndürijileriniň ikisi-de diňe bir üpjün ediji hökmünde däl, eýsem nou-haulary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdiler.

Bernhard Wittman ýygnaga gatnaşyjylara ýolbaşçylyk edýän “Sigmafarm” kompaniýasynyň işi hakynda, şeýle hem steril we steril däl spreýler, damjalar we gulak-burun-bokurdak üçin beýleki suwuk serişdeler ýaly önümler barada jikme-jik maglumat berdi.

“DiproMed” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristian Eder öz gezeginde kärhananyň keselleri anyklamak üçin ekspres–testleri (bedende gadagan maddalaryň we alkogolyň barlygyny, göwreliligi, ýürek-damar ulgamynyň we ýokanç kesellerini anyklamak üçin test) hakynda gürrüň berdi. Kompaniýa bu ugurdaky tejribäni Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi döretmekde ulanmagy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, “DiproMed” arassaçylyk önümlerini, lukmançylyk işgärleri üçin şahsy gorag enjamlaryny, hirurgiki maskalary, FFP2 görnüşli professional respiratorlaryny öndürýär.

 
2022