Türkmenistan täze sanjymlary hasaba almagyň üstünde işleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan täze sanjymlary hasaba almagyň üstünde işleýär
“EpiWakKorona” sanjymy Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň Wirusologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenilip düzüldi. (Surat: TASS)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda Milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Şeýle hem, ministr Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi diýip hasabat berdi.

“EpiWakKorona” sanjymy Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň Wirusologiýa we biotehnologiýa boýunça “Wektor” Döwlet ylmy-barlag merkezi tarapyndan işlenilip düzüldi.