Türkmen polipropilen önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen polipropilen önümlerine isleg artýar
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin TNGIZT-da öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 9 million 918 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar.

Manat serişdelerine BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 21 million 248 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropileni, polipropilen haltalary we polipropilen plýonkasyny, şeýle hem el haly işlerini, pagta süýümini, plastik önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 105 million 29 müň manatlykdan gowrak boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 93 sany geleşikler hasaba alyndy.

Häzirki wagtda TNGIZT gaýtadan işlenen nebit önümlerini we nebit himiýa önümlerini: benzin, kerosin, dizel ýangyjy, polipropilen, çalgy ýaglary, suwuklandyrylan gaz, bitum we şuňa meňzeş önümleri öndürmekde sebitde öňdebaryjylaryň biridir. Öndürilýän önümler Ýewropa, Aziýa we GDA ýaly ýurtlarynyň birnäçesinde meşhurdyr.

2022