Türkmenistanyň Pakistana 3000 MWt tok ibermek mümkinçiligi bar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Pakistana 3000 MWt tok ibermek mümkinçiligi bar
Ilçi Atajan Möwlamow Türkmenistanyň Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändigini mälim etdi. (Surat: "The Daily Times")

Türkmenistanyň Pakistany 3000 MWt elektrik togy bilen üpjün etmek mümkinçiligi bar diýip, “UrduPoint.com” sişenbe güni Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowa salgylanyp habar berdi.

Elektrik togunyň bahasy Pakistanyň hazirki wagtda satyn alýan bahasynyň ýarysyna barabar bolup, senagatyň ösüş depgininiň has ýokary bolmagyna goşant goşar diýip, ilçi Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň (YSSE) işewür toparlarlary bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda belläp geçdi. Duşuşykda ilçi Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça çykyş etdi.

Türkmenistanyň ilçisi uzynlygy 1840 km bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, uzynlygy 1635 km bolan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup, olaryň durmuşa geçirilmegi Pakistanyň ykdysadyýetine möhüm goşant goşar diýip belledi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli böleginiň gurluşygyna başlar. Diplomat Türkmenistanyň Pakistany suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edip biljekdigini hem nygtady.

Möwlamow Türkmenistan dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy gowulaşandan soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öwrenmek maksady bilen, Pakistanyň işewür toparlarynyň resmi saparyna garaşýandygyny aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen söwdany ösdürmekde Gwadar we Karaçi portlaryny strategiki taýdan möhüm hasaplaýar. Şeýle hem, Owganystanyň Türkmenistan üçin Pakistana barýan iň gysga söwda ýoludygyny we Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy ikitaraplaýyn söwdany ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýändigini mälim etdi we Pakistan, Owganystan we Türkmenistan üstaşyr söwda ylalaşygyna gol çekmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

YSSE-niň başlygy Sardar Ýasir Han öz gezeginde Pakistan bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berjekdigini aýtdy.

Ol şeýle hem, pandemiýadan soňky döwürde özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öwrenmek boýunça YSSE-niň wekiliýetiniň Türkmenistana resmi saparynyň mümkinçiliklerine serediljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýy geçirilen mejlisinde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew şu ýyl Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň türkmen bölegini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.