Ukrainanyň OKKO kompaniýalar topary türkmen nebit önümlerini import etmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrainanyň OKKO kompaniýalar topary türkmen nebit önümlerini import etmekçi
“Galnaftogaz” konserniniň düzümine OKKO haryt nyşanly takmynan 440 ýangyç guýýan beketleri girýär. (Surat: OKKO)

Ukrainanyň “Galnaftogaz” konserni (OKKO topary) ýangyç üpjünçiliginiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak karary esasynda Türkmenistandan nebit önümlerini import eder. Bu barada “Interfaks-Ukraina” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

OKKO 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Herson nebit geçiriji toplumyny satyn aldy we toplumy döwrebaplaşdyrmak üçin 3 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

“Hünärmenlerimiziň deslapky çaklamalaryna görä, toplumy döwrebaplaşdyrmak üçin gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdary 3 million ABŞ dollaryna ýetip biler” diýip, wise-prezident Ýuriý Kuçabskiýniň aýdanlaryna salgylanyp, OKKO-nyň metbugat gullugy habar berýär.

“Öz portymyzyň kuwwatyny alanymyzdan soň, Ortaýer deňziniň nebit önümleri bazaryna girmek mümkinçiligimiz bolar. Amatly bazar şertleri bilen Gresiýadan, Bolgariýadan, Türkiýeden, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan Ukraina ýangyç importynyň mukdaryny artdyryp bileris. Ýylda 150-200 müň tonna ýangyç hakda gürrüň gidýär” diýip, Kuçabskiý belledi.

Herson nebit geçiriji toplumy tankerleriň düşürilýän we nebit önümlerini saklanýan nebit duralgasyndan ybaratdyr. Onuň demir ýol infrastrukturasyny ulanmaga mümkinçilikleri bar bolup, desgalary nebit gaz turbalary bilen birleşdirilendir.

“Galnaftogaz” konserni Ukrainadaky iri ýangyç guýýan beketlerini dolandyrýar. Onuň düzümine OKKO haryt nyşanly takmynan 440 ýangyç guýýan beketleri girýär.

2022