Türkmenistanyň içerki bazaryndaky harytlara bildirilýän talaplar näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň içerki bazaryndaky harytlara bildirilýän talaplar näme?
Içerki bazarda dolanyşykda bolýan azyk we azyk däl harytlaryň sarp ediş gabynyň belgilenmegine bildirilýän talaplara laýyk gelýän belgilemeleri bolmalydyr.

“Söwda işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, içerki bazarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelýän hili bolan harytlar dolanyşykda bolmaga degişlidir.

Harytlaryň içerki bazardaky dolanyşygy olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan, harytlaryň ugradyjy resminamalary – girdeji resminamalary we laýyklyk sertifikaty bolan mahalynda amala aşyrylýar.

Içerki bazarda dolanyşykda bolýan harytlaryň azyk we azyk däl harytlaryň sarp ediş gabynyň belgilenmegine bildirilýän talaplara laýyk gelýän belgilemeleri bolmalydyr.

Harytlaryň belgilemesi şu aşakdaky maglumatlary özünde jemlemelidir:

  • harydyň gelip çykan ýurdunyň adyny;
  • taýýarlaýjynyň ýuridik salgysyny we onuň haryt nyşanyny;
  • harydyň adyny;
  • harydyň düzümini (toplumlylygyny);
  • azyklyk gymmatlylygyny, azyk harytlary üçin – genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (GMO) ýokdugy barada maglumaty;
  • taýýarlanylan senesini;
  • saklanyş, ýaramlylyk, hyzmat ediş möhletini;
  • saklanyş şertlerini;
  • özüne laýyklykda harydyň kybaplaşdyrylyp bilinjek kadalaşdyryjy resminamasynyň belgilemesini – milli harytlar üçin;
  • şertli çyzyklary;
  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry maglumatlary.

Ýokarda agzalan maglumatlar etiketkalarda, ýarlyklarda, içlik-kagyzlarda Türkmenistanyň döwlet dilinde we rus dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde, şeýle-de öndürijiniň garamagyna görä – beýleki dillerde bolmalydyr.

Içerki bazarda dolanyşykda bolýan alkogolly önümler we temmäki önümleri goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenilmäge degişlidir.

Harytlaryň saklanylmagy we daşalmagy olaryň hiliniň saklanyp galmagyny we sarp edilmegi üçin howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmeginiň şertlerinde, şol sanda ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarda saklanylmagynyň, bu maksatlar üçin niýetlenilen ýörite ulag serişdelerinde daşalmagynyň şertlerinde amala aşyrylmalydyr. Bellenilen ýagdaýlarda şeýle talaplaryň berjaý edilmegi degişli resminamalardaky ýazgylar bilen tassyklanylýar.

Şu aşakdakylaryň satylmagy gadagan edilýär:

  • dolanyşykdan aýrylan harytlaryň;
  • ýörite rugsatnamasy bolmazdan, dolanyşyga ukyplylygy çäklendirilen harytlaryň;
  • awtorlyk we (ýa-da) gatyşyk hukuklaryň bozulmagy bilen ýa-da keseki haryt nyşanynyň bikanun peýdalanylmagy bilen taýýarlanylan harytlaryň;
  • bellenilen tertipde belgilenilmäge degişli bolan goşmaça töleg tölenilmäge degişli harytlaryň, olarda goşmaça töleg nyşanlary bolmadyk halatynda;
  • ýokarda agzalan halatlarda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen harytlaryň belgilenilmegine bildirilýän degişli talaplara laýyk gelmeýän harytlaryň;
  • ugradyjy  resminamalary bolmadyk harytlaryň;
  • howpsuzlygyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän hili pes bolan harytlaryň;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda satylmagy gadagan edilen gaýry harytlaryň.
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022