GDA döwletleriniň migrasiýa edaralary tejribe alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA döwletleriniň migrasiýa edaralary tejribe alyşdylar
Mejlisiň dowamynda Geňeşiň agzalary migrasiýa ýagdaýy barada barada maglumat alyşdylar. (Surat: cis.minsk.by)

Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy (GDA) penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly GDA agza ýurtlarynyň migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň ýigrimi bäşinji mejlisini geçirdi. Bu barada GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň resmi sahypasynda habar berilýär.

Mejlisiň dowamynda Geňeşiň agzalary migrasiýa ýagdaýynyň, milli kanunçylygyň migrasiýa pudagyndaky üýtgeşmeleriň we COVID-19 pandemiýasy zerarly öz ýurtlarynyň migrasiýa edaralarynyň hukuk goraýjy tejribesi barada maglumat alyşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Belarus Respublikasynyň “Awgust kanaly” bolan ýörite syýahatçylyk we dynç alyş seýilgähine we ýanaşyk ýerlere zyýarat maksady bilen ýurda gelen daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň girmegine, galmagyna we gitmegine gözegçilik etmek boýunça tejribesi bilen tanyşdylar.

Gyrgyz Respublikasynyň Geňeş agzasy kärdeşlerine zähmet serhet migrasiýasyny guramak tejribesi we Azerbaýjan Respublikasynyň wekili Döwlet migrasiýa gullugynyň Çagyryş (Сall) merkeziniň işini guramak tejribesi barada maglumat berdiler.

Mundan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň migrasiýa pudagynda bar bolan meseleler we olary çözmek ugrunda görülýän çäreler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Geňeş agzasynyň “Sanly Gazagystan” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde migrasiýa proseslerini hasaba almagyň awtomatlaşdyrylmagy baradaky maglumatlar aýdyldy.

Mejlisiň barşynda bikanun migrasiýa garşy göreşmek boýunça 2019-2023-nji ýyllar üçin jenaýatçylyga garşy bilelikdäki çäreleriň döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki hereketine seredilip geçildi hem-de Geňeşiň 2021-nji ýyldaky iş meýilnamasy we 2021-2023-nji ýyllar üçin mejlisleriniň tertibi tassyklandy.

GDA agza ýurtlarynyň indiki migrasiýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşini şu ýylyň ikinji ýarymýyllygynda Belarus Respublikasynda geçirmek meýilleşdirilýar.