Aşgabatda belarus tehnikasynyň merkeziniň işledilmegi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda belarus tehnikasynyň merkeziniň işledilmegi maslahatlaşyldy
"Agrosalon-2020" halkara sergisi, Moskwa, Russiýa (Surat: Minsk traktor zawody)

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly paýtagtymyzda anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda Aşgabatda belarus tehnikasyna hyzmat edýän merkeziň işlemeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda Türkmenistana Belarusda öndürilýän ýük ulaglaryny we awtobuslary, oba hojalyk tehnikalaryny, lift enjamlaryny ibermek baradaky teklipler beýan edildi.

Şeýle hem, gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga ýardam etjek anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň hem-de hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge gönükdirilen goşmaça çäreleriň görülmeginiň zerurdygy bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

2022