Türkmenistanda “Startup Weekend” forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “Startup Weekend” forumy geçiriler
Forumyň çäginde täze telekeçiler 54 sagadyň dowamynda geljekki önümiň ýa-da hyzmatyň taslamasy üçin iş meýilnamasyny düzüp, netijede startapy işe girizip bilerler.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) telekeçiligi we işewürlik jemgyýetini ösdürmek boýunça taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda 2021-nji ýylyň 15-17-nji mart aralygynda onlaýn görnüşde Merkezi Aziýanyň ýaş telekeçileri üçin “Startup Weekend” forumy geçiriler.

Bu forum “Orlan” hususy kärhanasy we Gazagystanyň “MOST” biznes inkubatory tarapyndan ýurdumyzda geçiriljek ilkinji çäre bolar. Forumyň çäginde täze telekeçiler 54 sagadyň dowamynda geljekki önümiň ýa-da hyzmatyň taslamasy üçin iş meýilnamasyny düzüp, netijede startapy işe girizip bilerler.

Çäre bir pikiri saýlamak we ony durmuşa geçirmek, pikirdeş adamlar toparyny döretmek barada halkara hünärmenleriň hem-de bilermenleriň maslahatlaryny we tekliplerini öz içine alar. Jemleýji tapgyra ýetenler Merkezi Aziýanyň “Startup Weekend” forumyna gatnaşmaga mümkinçilik gazanarlar. Çärä gatnaşmak tölegsizdir.

“MOST” Gazagystanda telekeçiligi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda tehnologiýa ugrunda işleri alyp barýan telekeçilere goldaw berýän ilkinji hususy biznes inkubatorydyr.