Şu ýylyň mart aýynda “Aýdyň maksat” hususy kärhanasy, kompaniýa degişli bolan Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çägindäki meýdanynda ýetişdirilen mäşiň 40 tonnasyny Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine, 60 tonnasyny Pakistana we 40 tonnasyny Owganystana eksport etdi.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Agamyrat Allaýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, kärhana 99 ýyl möhlet bilen kärende esasynda 300 gektar ýeri eýeçiligine aldy. Kärhana özüne degişli meýdanda dary, mäş, künji ýaly ekinleri ösdürip ýetişdirýär we geljekde sübselik jöweni hem ösdürmegi meýilleşdirýär.
Bulardan başga-da, kärhana şu ýylyň fewral aýynda darynyň 100 tonnasyny Owganystana we 150 tonnasyny Yraga eksport etdi. Şeýle-de kärhana agzalan ýurtlardan başga-da, öz önümlerini Özbegistana iberýär.
“Aýdyň maksat” hususy kärhanasy 2012-nji ýylda döredildi. Kompaniýa 5 müň düýp tut agajyny ekdi we geljekde ýüpek gurçugyny idedip pile hasylyny almagy, dary we mäş önümlerini gaplama görnüşinde ýerli bazarlarda sarp edijilere hödürlemegi maksat edinýär.