Daşary ýurtly işewürler türkmen nebithimiýa önümlerini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurtly işewürler türkmen nebithimiýa önümlerini satyn aldylar
Daşary ýurt puluna TNGIZT-da öndürilen polipropilen, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy, nebit ýol bitumy hem-de uçar kerosini satyn alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 38 million 83 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, polipropileni, suwuklandyrylan gazy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny hem-de uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.