Türkmenistan halkara nebit-gaz forumyny geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara nebit-gaz forumyny geçirer
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV halkara maslahat, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Türkmen Forum” HJ)

Aşgabatda 2021-nji ýylyň 12-13-nji maý aralygynda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum geçiriler. Forumda ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgertmeler, bu ugurda sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada “ORIENT.tm” şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek bu çäre adaty we onlaýn görnüşinde geçiriler.

Bu halkara maslahat “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Şonuň ýaly-da häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda alnyp barylýan wajyp taslamalar hakynda maslahata gatnaşyjylara maglumat bermek hem-de tejribe alyşmak üçin giňişleýin sessiýalar geçiriler.

Bu halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Bu çäre Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam berýän abraýly işewürlik forumydyr.