“Rysgal” bankynyň müşderileriniň sany 132 müňden geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Rysgal” bankynyň müşderileriniň sany 132 müňden geçdi
“Rysgal” bankynyň aktiwleri 2021-nji ýylda 8 milliard 620 million manada barabar boldy.

“Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň sany 2021-nji ýylda 132 müň 200-e ýetdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43% köpdür.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda şertnama esasynda bu bankdan uly möçberli karzlary alyp, ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda iş alyp barýan telekeçileriň sany has agdyklyk edýär. Olar bankdan alan karz serişdeleriniň hasabyna häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň gurluşyklaryna gatnaşýarlar.

Mundan başga-da, bank lizing, faktoring akkreditiwlerini açmak boýunça hyzmatlary amala aşyrýar. Şeýle hem, “Rysgal” banky 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” hyzmatyny ýola goýdy.

Bankyň işjeňliginiň esasy görkezijilerine degip geçsek, bank boýunça kärhanalardan we telekeçilerden çekilen serişdeler 2021-nji ýylda 3 milliard 880 million manada deň boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7% köpdür. 2020-nji ýylda çekilen serişdeleriň umumy bahasy 3 milliard 590 million manada barabar boldy.

Şeýle hem, bankyň aktiwleri 2021-nji ýylda 8 milliard 620 million manada barabar bolup, geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 21% ýokarydyr. Bu aktiwler 2020-nji ýylda 6 milliard 840 million manada deň boldy.

Özüniň işini çäk boýunça giňeltmek we bankyň bähbitlerini onuň ýerleşýän ýerinden daşarda üpjün etmek maksady bilen, “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň ýurduň ähli welaýatlarynda şahamçalary hereket edýär.