Pandemiýadan soňky döwürde durnukly dikeldiş maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pandemiýadan soňky döwürde durnukly dikeldiş maslahatlaşyldy
Geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan we 136 wezipeden ybarat degişli sanawyň tassyklanandygy nygtaldy.

1000-den gowrak hökümetleriň, raýat jemgyýetleriň, kärhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri sişenbe güni onlaýn görnüşinde başlan Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça VIII foruma ýygnanyp, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatnamasynyň çäginde COVID-19-dan soňky döwürde durnukly dikeldiş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, maslahatda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary, şeýle hem ministrligiň käbir müdirlikleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Her ýyl geçirilýän hökümetara forum Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti ýurtlaryna Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde goldaw bermek, sebit ýörelgelerini, jebisleşmegi ýüze çykarmak we tejribe alyşmak üçin meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew forumda çykyş edip, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Hususan-da, geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden we 180 indikatordan ybarat degişli sanawyň tassyklanandygy nygtaldy.

COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly emele gelen çökgünlik ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden Türkmenistanyň Hökümetiniň pandemiýanyň ykdysady we durmuş täsirini ýeňilleşdirmek boýunça netijeli çäreler toplumyny durmuşa geçirendigi bellenildi.

Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça VIII forum Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygynda geçirilip, bu forum 26-njy marta çenli dowam eder.