“Lebapgazçykaryş” müdirligi 2 milliard kubmetrden gowrak gaz öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” müdirligi 2 milliard kubmetrden gowrak gaz öndürdi
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda tebigy gazyň 2 milliard 180 million kubmetrini öndürip, bu baradaky meýilnamany 146% ýerine ýetirdiler. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Şu ýylyň iki aýynda ol ýerde meýilleşdirilen 746 million 100 müň kubmetriň ýerine 1 milliard 375 million kub metr “mawy ýangyç” öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-den gowrak boldy.

Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Malaý” ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylýar. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatyny “mawy ýangyç” bilen üpjün etmän, eýsem, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen “Malaý” känini uzynlygy 188 kilometr bolan “Malaý-Bagtyýarlyk” gaz geçirijisi birleşdirýär.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda açyldy.