Türkmenistanyň biržasynda $60 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $60 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurtly telekeçiler TNGZT-de öndürilen nebit bitumyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 60 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit bitumyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini, Maltanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, serbiýaly telekeçiler daşary ýurt puluna buýan köküniň şerbetini satyn aldylar.

Şeýle hem, BAE-niň işewür toparynyň wekilleri bahasy 376 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.