“Ynamdar” onlaýn markedi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda öz dolandyryş merkezini açmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanylan sergide, “Ynamdar” onlaýn markediniň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşiri bilen geçiren söhbetdeşliginde markediň esasy alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de ol markediň geçen ýyl gündelik 500 sargydy bolan bolsa, şu ýylyň başyndan bäri markediň sargydy gündelik 2 müňden 3 müňe çenli bolýandygyny belledi.
Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çägi bilen bir hatarda Änew şäherinde hem tölegsiz amala aşyrylýar. Onlaýn market her aýyň birinji hem-de soňky hepdesinde yzygiderli arzanlaşyklar we aksiýalar geçirip durýar.
Müşderiler sargydy barlap alanlaryndan soňra töleg amala aşyrylýar. Töleg nagt we nagt däl görnüşde milli manatda amala aşyrylýar. Eger-de müşderiler harydy halamadyk ýagdaýynda olary çalyşmak we yzyna gaýtarmak hyzmaty hem amala aşyrylýar.
“Ynamdar” onlaýn markedi telekçi Nurmuhammet Gapurow tarapyndan döredilip, 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri müşderilere hyzmat edip gelýär. Häzirki wagtda müşderilere ýüzlerçe brendlere degişli bolan müňlerçe haryt görnüşleri hödürlenýär.