Mary we Horasan-Rezawi welaýatlary söwda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary we Horasan-Rezawi welaýatlary söwda hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Türkmen we eýran resmileri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi dowam etjekdiklerini aýtdylar.

Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň resmileri we Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri hem-de işewür toparlary bilen çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda Mary welaýaty bilen Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, maslahata Türkmenistanyň DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Eýran tarapyndan onlaýn maslahata döwlet düzümleriniň we birnäçe esasy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda maslahata gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işleriň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmek işini dowam etmek babatda ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Eýran Yslam Respublikasy günorta-gündogar Sistan we Bulujystan welaýatynda ýerleşýän Makran kenarynda 200 million tonna ýük göterijilik kuwwaty bolan port gurmagy meýilleşdirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022