Dünýäde tebigy gazyň bahasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada analitikleriň pikirine salgylanyp, Russiýanyň “Kommersant” gazeti penşenbe güni habar berdi. Analitikler bu ýagdaýyň ýylyň ahyryna çenli dowam etmegine garaşýarlar.
Häzirki wagtda Gollandiýanyň TTF tebigy gaz biržasynda gazyň 1 müň kubmetriniň ortaça bahasy 250 ABŞ dollaryndan (1 megawat sagat üçin bahasy 20,35 ýewrodan) geçýär. Gollandiýanyň TTF biržasynda 2021-nji ýylyň dördünji çärýegindäki şertnamalarynyň 1 megawat sagat üçin bahasy 21 ýewro möçberinde satylýar.
“Kommersant” gazetinde bellenilşi ýaly, tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagynyň esasy sebäbi ýerasty gaz ammarlarynyň yzygiderli doldurmagyndadyr. Fewral aýynda Ýewropanyň esasy ammarlary 29% doldurylan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 31%-e deň boldy. Bu ýagdaý bazardaky gaz üpjünçiligini azaldýar.
Ýewropanyň ammarlaryndan dekabr-fewral aýlarynda 69 milliard kubmetr gaz sarp edijilere ugradyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24 milliard kubmetr köpdür. Şeýle ýagdaý gyşyň we ýazyň garaşylmagyndan has sowuk bolmagy sebäpli ýüze çykdy.
Mundan başga-da, “Kommersant” gazetinde bahalaryň ýokarlanmagynyň ýene bir sebäbi köp sanly senagat öndürijileriniň kömürden gaza geçmegi bilen düşündirilýär. Kömürden gaza geçiş ýörite biržalarda satylýan kömürturşy gazyň zyňyndylarynyň kwotalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli ýüze çykandygy bellenilýär. Ýagny, biržalarda aprel aýynda bir tonna kömürturşy gazynyň zyňyndy kwotasynyň bahasy 43 ýewro barabardyr.
Gollandiýanyň TTF biržasy dünýädäki iň möhüm tebigy gaz söwda merkezleriniň biri hasaplanylýar. Dünýädäki söwda kompaniýalarynyň köpüsi suwuklandyrylan gaz ýaly tebigy gaz önümleriniň bahalaryny TTF-e görä kesgitleýärler. TTF-de tebigy gaz megawat sagatda ýewroda söwda edilýär.