Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy bellemek baradaky Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edýändigini belläp, ony türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyndan boşatmak baradaky karara gelendigini aýtdy.
Munuň özi Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer diýip, Milli Liderimiz belledi.
Şeýle hem, R.Meredow öz hasabatynyň dowamynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda onlaýn tertipde dürli derejedäki duşuşyklaryň 461-niň geçirilendigi we Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üsti gol çekilen 31 resminama bilen doldurylandygy barada habar berdi.
Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň şu ýylyň 25-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sekizinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna garaldy.