Birleşen Patyşalygyň Şazadasy Filip 99 ýaşynda aradan çykdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Birleşen Patyşalygyň Şazadasy Filip 99 ýaşynda aradan çykdy
Şazada Filip we Ýelizaweta II 70 ýyldan gowrak bile ýaşaşdylar. (Surat: Bukingem köşginiň saýty)

Birleşen Patyşalygyň Şa zenany Ýelizaweta II ýanýoldaşy Şazada Filip 99 ýaşynda aradan çykdy.

Şazada “şu gün irden Windsor köşgünde parahat ýagdaýda aradan çykdy” diýip, Bukingem köşginiň saýtynda anna güni mälim edildi.

Bukingem köşginiň aýtmagyna görä, Edinburgyň Gersogy Şazada Filip soňky ýyllarda dürli keseller sebäpli birnäçe gezek keselhana ýerleşdirildi. Iň soňky gezek fewral aýynda bejergi aldy.

Birleşen Patyşalygyň premýer-ministri Boris Jonson Parlamentiň binasynyň öňünde çykyş edip, Şazada Filipiň monarhiýanyň ösüşine uly goşant goşandygyny belledi.

Britaniýa Edinburgyň Gersogyny hormatlap, sekiz günlük ýas tutýar. Ýas döwründe baýdaklar ýarym aýlawda asylýar we Parlament täze kanunlary kabul etmeýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şa zenany Ýelizaweta II ýanýoldaşy — Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Filippiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgalaňyzyň agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygynyň ähli halkyna ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, hatda bellenilýär.

Şazada Filip 1921-nji ýylyň 10-njy iýunynda Gresiýanyň Korfu adasynda dünýä indi. Ol Birleşen Patyşalygyň Şalyk deňiz flotunda, şol sanda Ikinji jahan urşy döwründe gulluk etdi. 1947-nji ýylda Şazada Filip Ýelizaweta II bilen durmuş gurdy we 1953-nji ýylda tagta geçende onuň ýanyndady. Olaryň dört çagasy, sekiz agtygy we 10 çowlugy bar. Şazada Filip özüniň 95 ýaşyna çenli Şa zenany Ýelizaweta bilen köpçülige çykmak wezipesini ýerine ýetirdi.