Kanada Hazar gaz hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň energiýa pudagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Kanadanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu pudaga 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Dostluk” uglewodorod ýatagyny özleşdirmekde we işläp düzmekde bilelikdäki taslama boýunça özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi esasynda gyzyklanma bildirilýär.
Mundan başga-da, Kanada bilen Türkmenistanyň arasynda saglyk we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi bar diýip, habarda bellenilýär.
Kanadada ýerleşýän “Termo Design Engineering Ltd” kompaniýasy Türkmenistanyň gündogar sebitindäki gaz ýataklarynda işleri alyp barýar we bu kompaniýa ýurduň köpden bäri hyzmatdaşy bolup durýar.
Şeýle hem, Kanadanyň işewür toparlary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalarda nah ýüplügi we birnäçe nebit-gaz önümlerini satyn alýarlar.