Türkmenistan bilen Bütindünýä banky hususy pudagyň ösüşine garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Bütindünýä banky hususy pudagyň ösüşine garady
Gepleşikde Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze strategiýasyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Anna Býerdeniň sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hususy pudagyň ösüşini goldamak boýunça Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berlişi ýaly, miwe we gök ekin önümçiligini ösdürmek boýunça türkmen hünärmenleri bilen Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň arasynda 100 million dollar töweregi möçberinde iş gepleşikleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

“Türkmenistanyň eksport pudaklaryna goldaw bermek, marketing syýasatyny işläp düzmek we daşary bazarlarda ýerli önümleri öňe sürmek biziň üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar” diýip, Muhammetgeldi Serdarow nygtady.

Şeýle hem ministr Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň kiberhowpsuzlyk we töleg ulgamyny döwrebaplaşdyrmak pudagynyň tölegli maslahat hyzmatlaryna gyzyklanma bildirýändigini belläp geçdi.

Mundan başga-da, maslahatda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze strategiýasyny taýýarlamak, Halkara maliýe korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Halkara maliýe korporasiýasynyň (HMK) arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekildi.