Aşgabatda alabaý itleri we atçylyk assosiasiýalarynyň täze merkezi açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda alabaý itleri we atçylyk assosiasiýalarynyň täze merkezi açyldy
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkezi binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda çarşenbe güni Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze merkeziň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Binanyň birinji gatynda muzeý ýerleşdirilip, onda tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan ahalteke bedewleriniň we özüniň ajaýyp häsiýeti bilen ýurdumyzyň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyk gazanan alabaýlaryň özboluşly heýkelleri, ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň şekilleri çitilen halylar ýerleşdirilendir.

Şeýle hem, açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mundan başga-da Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň türkmen agzalary bilen bilelikde, daşary ýurtly agzalarynyň sany hem barha artýar. Häzirki wagtda assosiasiýanyň 11 sany döwletden jemi 191 fiziki we ýuridik agzalary bardyr.

2022