Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow ÝHG mejlisine gatnaşmak üçin Kazana bardy
Tatarystanyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin “Kazan” halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini garşy aldy.

Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Russiýanyň Tatarystan Respublikasyna Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Tatarystanyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin “Kazan” halkara howa menzilinde türkmen wekiliýetini garşy aldy.

Russiýanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Premýer-ministrleri: Mihail Mişustin, Roman Golowçenko, Askar Mamin, Ulugbek Maripow, Kohir Rasulzoda we Abdulla Aripow, şeýle hem Ermenistan Hökümetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Nikol Paşinýan ÝHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Tatarystanyň paýtagtyna geldiler.

ÝHG-niň mejlisi aprel aýynyň 29-30 aralygynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesiniň (ÝYB) döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň we Ýewraziýa Ykdysady Kommisiýasynyň (ÝYK) Geňeşiniň başlygynyň gatnaşmagynda adaty görnüşde geçirilýär.

Ýewraziýa Ykdysady Birleşmesi (ÝYB) halkara ykdysady integrasiýa guramasydyr. Onuň düzümine Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan girýär. Moldowa, Özbegistan we Kuba ýurtlary synçy döwletler hökmünde çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşliginiň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine ÝHG-niň mejlisine gatnaşmaga çagyranlygy üçin minnetdarlyk bildirip, forumyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wise-premýeriniň derejesinde ýokary wezipeli wekiliýetiň iberiljekdigini aýdypdy.

2022