Türkmen kompaniýasy täze balyk fermasynyň gurluşygyna başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy täze balyk fermasynyň gurluşygyna başlady
Senagat ähmiýetli balyklaryň dürli görnüşlerini köpeltmek, ýurta balykçylyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça tejribeler paýlaşyldy.

“Elin balyk” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde 10 gektar meýdanda alabalyk (forel) ýetişdirmek üçin niýetlenen fermanyň gurluşygyna başlady. Bu barada balyk ösdürip ýetişdirmek we suw hojalygyny ösdürmek boýunça sebitleýin taslamanyň çäginde geçirilen halkara seminaryň dowamynda kompaniýanyň müdiriniň orunbasary Wepa Hallyýewiň çykyşyna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu okuw maslahaty “Merkezi Aziýada, Azerbaýjanda we Türkiýede balykçylygy we suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak” (“Fish Cap”) atly sebitleýin taslamanyň çäginde gurnaldy. Bu taslama ýurdumyzda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) sebitara edarasy we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Bu seminara türkmen tarapyndan hökümetiň pudagara wekilleri, hususy önüm öndürijiler, Milli çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň hünärmenleri we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem, maslahata myhman hökmünde Mongoliýaly balyk öndürijiler gatnaşdylar. Olar senagat ähmiýeti balyklaryň dürli görnüşlerini köpeltmek, ýurta balykçylyk pudagyny has-da ösdürmek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar.

“Elin balyk” HJ-niň müdiriniň orunbasary öz çykyşynda täze fermanyň gyşda suw gyzdyryjy we tomusda suw sowadyjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýandygyny aýtdy. Hallyýew şu ýyl fermanyň önümçilik desgasynyň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýandygyny aýdyp, ol desgada ýörite enjamlaryň gurnaljakdygyny belledi.

Maslahatyň dowamynda öndürijiligiň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we önümçiligi işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy. Ýygnagyň esasy maksady oňyn tejribeleriň mysallaryny paýlaşmak, işewürlige maýa goýmak hem-de tejribe alyşmak üçin platforma döretmekdir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022