Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Ministrler işjeň gepleşikleri goldamak hem-de bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin duşuşyk mehanizminiň ýola goýulmagyny beýan etdiler. (Surat: "CGTN")

Hytaýyň Sian şäherinde çarşenbe güni “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, we Täjigistanyň arasyndaky söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde ähmiýetini nygtady.

Ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň esasylarynyň hatarynda pandemiýa garşy göreşmek hem-de lukmançylyk, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda özara hereketleri güýçlendirmek meseleleri bardy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdiler, howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda daşary syýasy işiniň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda Sebit we halkara derejelerinde energiýa, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Şeýle hem, ol sebit we yklym derejelerinde esasy ulag geçelgeleri boýunça ulag-üstaşyr gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly Türkmenistanyň ulag özarabaglanyşygy we durnukly söwda gatnaşyklary üpjün etmegi maksat edinýändigini we mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny belldi.

Habarda bellenilişi ýaly, ministrler işjeň gepleşikleri goldamak hem-de söwda, ulag-aragatnaşyk, lukmançylyk we saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet ýaly ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin duşuşyk mehanizminiň ýola goýulmagyny beýan etdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi, ýagny “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň formatyny döretmek hakyndaky Ähtnama, Owganystan boýunça Bilelikdäki Beýannama, Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmek barada Bilelikdäki Beýannama, Daşary işler ministrleriniň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýyň Sian şäherine sapary 9-12-nji maý aralygynda dowam etdi. Saparyň çäklerinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministleriniň duşuşyklary geçirildi.

2022