Türkmenistanda hususy taraplar üçin eksport gümrük pajy ýatyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hususy taraplar üçin eksport gümrük pajy ýatyrylýar
Eksport edilýän harytlar üçin gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajy ýatyrylar.

Türkmenistanda hereket edýän telekeçi taraplar we hususy kompaniýalar üçin eksport gümrük pajy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrylýar.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi mediýasy habar berdi.

Resminama laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň we fiziki şahslaryň el goşundan başga, Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gidýän harytlary üçin gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde bellenen gümrük pajy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýatyrylar.

Şeýle hem resminama laýyklykda, hususy kompaniýalaryň we telekeçileriň öz öndüren harytlaryny we önümlerini, şeýle hem olardan we ilatdan satyn alan harytlarynyň (çig malyny) eksport edilmegi bilen bagly şertnamalar eksport edijiniň islegine görä, birža söwdalaryna gatnaşyp ýa-da gatnaşmazdan baglaşylyp bilner.

Bu Kararyň ýerine ýetirilmegi bilen eksport edijilere goldaw bermek arkaly ýurtda eksportyň möçberleriniň artdyrylmagyna garaşylýar.

2022