Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy maslahatlaşyldy
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda bir gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin öndürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdaky tapgyryny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, zawodyň direktory hormatly Prezidentimize işleriň talaba laýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ýokary hilli benziniň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Maslahatyň dowamynda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde daşary ýurtlardan çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Mundan başga-da, maslahatda dünýäniň ösen döwletlerinde geljegiň ýangyjy hökmünde strategiýasy işlenip taýýarlanan we giňden öwrenilýän wodorod önümçiligini hem ýola goýmak mümkinçilikleriniň üns merkezinde saklanmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow öz nobatynda, institutyň hünärmenleriniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda ýyllyk kuwwaty 6 müň tonna izobutan öndürmäge niýetlenen desgany hem-de kenarýaka sebitde täze döwrebap gazhimiýa toplumyny gurmak barada deslapky tehniki ykdysady ylmy seljermäniň üstünde degişli işleri alyp barýandyklary barada habar berdi.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda bir gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022