Türkmenistan we Gazagystan eksport edijileriň sanawyny düzmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan eksport edijileriň sanawyny düzmegi meýilleşdirýärler
Duşuşykda taraplar telekeçiligi ösdürmegiň we hökümet bilen özara gatnaşyklar boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: “Atameken”)

Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Nur-Soltan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýew Gazagystanyň “Atameken” milli telekeçiler palatasynyň müdirliginiň başlygy Ablaý Myrzahmetow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Gazagystanyň wiza resmileşdiriş amallaryny çaltlandyrmak maksady bilen eksport edijileriň sanawyny girizmek baradaky teklibini goldady. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habar bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar telekeçiligi ösdürmegiň we hökümet bilen özara gatnaşyklar boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, palatanyň eksport, sertifikatlaşdyrmak we okuw tälimi boýunça berýän goldawlaryna hem seredildi. Döwran Hudaýberdiýew gazak telekeçiler palatasynyň hyzmatlaryny sanlaşdyrmak boýunça gazanan tejribelerine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“Atameken”-iň başlygy Ablaý Myrzahmetow hem öz gezeginde ähli ugurlarda, esasan hem agrosenagat toplumynda we gurluşyk pudaklarynda gazak-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň iň uly işewürlik birleşmesi bilen “Atameken” milli telekeçilik palatasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak maksady bilen ýakyn wagtda bilelikdäki hereket meýilnamasyna gol çekmek kararyna geldiler.

Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” milli telekeçiler palatasy Gazagystanyň hökümetini we döwlet edaralaryny işewürler bilen şertnama gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin döredilen döwlete degişli däl guramadyr.

2022