“Türkmen Şöhle” gaplaýyş materiallarynyň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen Şöhle” gaplaýyş materiallarynyň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy
Kompaniýada konditer we doňdurma önümleri üçin niýetlenip öndürilýän plastik gaplaryň görnüşleri artdyryldy.

Türkmenistanda plastmassa we polietilen önümleriniň öndürijisi “Türkmen Şöhle” kompaniýasy gaplaýyş materiallarynyň täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýanyň öndürýän azyk önümleri üçin niýetlenen gaplaýyş plýonkasyna uly isleg bildirilýär. Ony ýerli nebit-gaz pudagy tarapyndan öndürilýän polimerden we pes dykyzlykly polietilenden öndürýärler.

Kompaniýanyň önümçilik sehinde awtomatlaşdyrylan enjamlar her gün müňlerçe kilogram gaplama materiallaryny öndürýär. Şeýle hem, kompaniýa mebel, elektron, kompýuter we hojalyk harytlaryny, gurluşyk materiallaryny wagtlaýyn goramak üçin niýetlenen gorag gaplaýyş plýonkasyny öndürýär.

Mundan başga-da, "Türkmen Şöhle" konditer we doňdurma önümlerini öndürýän kompaniýalaryň sargytlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, plastik gaplaryň görnüşleriniň önümçiligini köpeltdi. Şeýle hem, kompaniýa tort, doňdurma, köke, maýonez we beýleki önümler üçin niýetlenen gaplaýyş materiallarynyň önümçiligini iki esse artdyrdy.

Häzirki wagtda kompaniýa önümlerini Owganystan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edýär.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Türkmen Şöhle” kompaniýasynda her aýda 300 tonnadan gowrak içerki çig maly gaýtadan işlenilýär we 160 töweregi plastmassa önümleri öndürilýär. Kompaniýanyň katalogynda plastik gap-gaç önümleriniň on görnüşi, oýunjaklaryň ýigrimiden gowrak görnüşi, öý goşlary, gaplaýyş haltalary, içgiler üçin etiketkalar, reňkli haltalar, selofan we başgalar bar.

2022