Türkmen telekeçileri ýyladyşhana hojalygyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri ýyladyşhana hojalygyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşdylar
Türkiýäniň işewür guramalary we kompaniýalary ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologiýalary hem-de usullary barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary şenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ýyladyşhana hojalygyny ösdürmäge bagyşlanan maslahata gatnaşyp, Türkiýedäki kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahata Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň, Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkiýäniň söwda ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn gepleşikde Antalýa Söwda we senagat palatasynyň, ýyladyşhanalary gurmak üçin enjamlary öndürijiler we eksport edijiler Assosiasiýasynyň, şeýle hem iri agrosenagat kompaniýalarynyň wekilleri, ýyladyşhana şertlerinde gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmegiň täze tehnologiýalary hem-de usullary barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem, gepleşigiň dowamynda häzirki döwürde ýyladyşhana hojalyklarynyň önümçilik meýilnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, COVID-19 pandemiýasyndan soňky, ykdysady dikeldişi düýpli çaltlaşdyryp biljekdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhanalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmagyna ak pata berdi. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň hem Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, Türkmenistanda gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegi 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 26,7% ýokarlandy. Bu görkezijiler döwlet we hususy kärhanalara degişli ýyladyşhanalaryň sanynyň artdyrylmagy bilen gazanyldy.

2022