Türkmen kompaniýasy sabyn önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy sabyn önümçiligini ýola goýdy
Kärhana “Aloe”, “Çopantelpek”, “Zeýtun” we “Krem” görnüşli sabynlary öndürýär.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Gadam syýahat” hojalyk jemgyýeti “Älem” haryt nyşanly sabynlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy.

Kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren habaryna görä, “Aloe”, “Çopantelpek”, “Zeýtun” we “Krem” görnüşli sabynlar 90 gramlyk polietilen gaplara we 140 gramlyk karton gutulara gaplanylýar.

Kärhananyň kuwwatlylygy aýda 60 tonna sabyn öndürmäge mümkinçilik berýär. Sabyn önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan palma we kokos ýaglary Malaýziýadan, gliserin bolsa Türkiýeden getirilýär.

Şu ýylyň soňky iki aýynda kompaniýa içerki bazarda 90 gramlyk sabynlaryň 55 müňüni satuwa çykardy. “Gadam syýahat” geljekde içerki bazary her aýda 90 gramlyk sabynlaryň takmynan 50 müňüsi we 140 gramlyk sabynlaryň 80 müňüsi bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär.

Kärhanada önümçilik işiniň gerimini giňeltmek maksady bilen, ýakyn geljekde suwuk görnüşli sabyn we gap-gaç ýuwujy serişdeleri öndürmegi maksat edinýär.

“Gadam syýahat” hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýylda döredilip işiň esasy görnüşi syýahatçylyk bilen bagly bolup durýardy. Bu hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň fewral aýynda sabynlaryň dürli görnüşlerini öndürip başlady.

2022