Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşigiň dowamynda türkmen tarapy üçin MHG bilen özara hereketlerinde täze tejribe bolup durýan, taslamalaryň maliýeleşdirilmegine we bilelikde maliýeleşdirilmeginiň Baş ylalaşygyna degişli meselelere seredilip geçildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, taraplar özara hereketleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan MHG-niň dürli ugurlardaky sebitleýin taslamalaryna işjeň gatnaşýar we ol taslmalaryň milli bölegini durmuşa geçirýär.
Mundan başga-da, gepleşikde “Türkmenistanda adam söwdasynyň pidalarynyň degişli ugurlara gönükdirilmeginiň milli guralynyň işe girizilmegi” atly täze milli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere hem garaldy. Türkmenistan tarapyndan adam söwdasyna garşy göreşmek, şol sanda onuň pidalaryna hukuk hem-de durmuş häsiýetli gaýragoýulmasyz kömekleriň berilmegi babatynda milli derejede alnyp barylýan hereketler beýan edildi.
Migrasiýa boýunça halkara guramasy 1951-nji ýylda esaslandyryldy. Guramanyň 173 agza döwleti bolup, 100-den gowrak ýurtda wekilhanasy hereket edýär.