Şu ýyl ýurdumyzyň ýüpekçileri pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Bu barada çarşenbe güni oba hojalyk pudagy boýunça geçirilen hökümet maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
“Biz geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberini has-da artdyrmagy, bu ugurda önümçilikleri giňeltmegi göz öňünde tutýarys. Bu bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer” diýlip, Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň pileçilerine we ýüpekçilerine iberen gutlagynda bellenilýär.
Çig pile ýurdumyzda hereket edýän we çig piläni işläp önüm öndürýän kärhanalaryň esasy çig mal gory bolup durýar. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalardyr. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýüpek önümçilik birleşigi iň ulusy hasaplanýar. Netijede, Lebap welaýaty tutuş ýurt boýunça öndürilýän piläniň ýarysyna golaýyny öndürmegi öz üstüne aldy.