“Trendýol” $2 milliard maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Trendýol” $2 milliard maýa goýumyny çekmegi meýilleşdirýär
Trendýol” Türkiýäniň elektron söwda bazarynyň 34% paýyna eýedir. (Surat: AA)

Türkiýäniň iri elektron söwda kompaniýasy “Trendýol” daşary ýurt maýadarlaryndan 2 milliard ABŞ dollaryny çekmek üçin gepleşikleri geçirýär. Bu barada “Reuters” agentligi gepleşiklerden gönüden-göni habarly çeşmelere salgylanyp, çarşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň iň meşhur elektron söwda platformalarynyň biri bolan “Trendýol” daşary ýurt maýadarlaryň maýa goýum serişdelerini öň hem çekipdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dowam edýän gepleşiklere “SoftBank” we “General Atlantic” ýaly iri halkara kompaniýalar gatnaşýarlar.

Maýa goýum serişdelerini çekmek işiniň iýun aýynda tamamlanmagyna garaşylýar. Kompaniýa netijede 2023-nji ýylda meýilleşdirilen IPO-dan öň paýdarlar bazasyny diwersifikasiýalaşdyrmagy göz öňünde tutýar diýip, habarda bellenilýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ýyllyk önüm dolanyşygynyň 10 milliard ABŞ dollaryna ýetmegine garaşylýan “Trendýol” kompaniýasyna “Citi” banky maýa goýum serişdelerini çekmekde maslahat berýär.

Türkiýäniň kompaniýalaryny bellige alyş sanawyna görä, 2018-nji ýylda “Trendýol”-yň paýnamalarynyň aglaba bölegini satyn alan Hytaýyň “Alibaba” kompaniýasy, şu ýylyň aprel aýynda söwda platformadaky paýyny 86,5%-e çenli ýokarlandyrdy.

2010-njy ýylda Demet Suzan Mutlu tarapyndan esaslandyrylan “Trendýol” häzirki wagtda Türkiýede iň iri elektron söwda platformasy we iň köp işgärli internet kompaniýasy bolmagynda galýar. Bazar seljermelerini alyp barýan “Euromonitor”-yň berýän maglumatyna görä, “Trendýol” Türkiýäniň elektron söwda bazarynyň 34% paýyna eýedir.