“Batly gadam” 1,5 müň tonnadan gowrak nah-ýüplük eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Batly gadam” 1,5 müň tonnadan gowrak nah-ýüplük eksport etdi
Kärhanada öndürilýän ýüplükleriň belli bir möçberi jorap önümçiligi bölüminde çig mal hökmünde ulanylýar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän “Batly gadam” hususy kärhanasy 2021-nji ýylyň başyndan bäri öndürilen nah-ýüplükleriň 1 müň 753 tonnasyny daşary ýurtlara iberdi. Ýüplükler esasan hem Türkiýe, Russiýa, Eýran hem-de Polşa döwletleriniň bazarlaryna eksport edilýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada şu ýylyň bäş aýynda öndürilen nah-ýüplükleriň umumy möçberi 1 müň 976 tonna barabar boldy.

Şeýle hem, öndürilýän ýüplükleriň belli bir möçberi hususy kärhananyň jorap önümçiligi bölüminde çig mal hökmünde ulanylýar. Munuň üçin ýüplükler ilki bilen fabrigiň ýüplük boýagy bölüminde dürli reňklere boýalýar. Bölümde her iş gününde 5 tonna çenli ýüplükleri boýamaga mümkinçilikler bar.

Şu ýylyň degişli döwründe sarp edijilere ugradylan jorap önümleriniň umumy mukdary 12 million 422 müň 530 jübütden geçdi. Türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleriň bu görnüşi, esasan, içerki bazarda ýerleşdirilýär.

Pagtadan öndürilýän ýokary hilli ýüplükler, jorap önümleri ISO toparynyň halkara ekologiki standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär.