Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi soňky üç ýylda 20 million 700 müň tonna golaý türkmen nebitini we nebit önümlerini dünýä bazarlaryna çykardy. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) energetika ministrleriniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren 4-nji ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.
Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, YHG-nyň Energetika ministrleriniň ýygnagyna gurama agza bolan – Eýran, Türkiýe, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Owganystan we Azerbaýjan ýaly döwletleriň we birnäçe halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Ministr BTJ turbageçirijisi arkaly geçen ýyl 106 müň tonna gazak nebitiniň daşalandygyny aýtdy.
Ministr Şahbazow Günorta gaz geçelgesiniň sebitiň energiýa üpjünçiligindäki ornuna ünsi çekip, şu ýyl TANAP arkaly tebigy gazyň türk sarp edijilerine 2 milliard 500 million kub metriniň iberilendigini aýtdy. Ol şeýle hem TAP arkaly tebigy gazyň Ýewropaly sarp edijilere 2 milliard 800 million kub metriniň iberilendigini belledi.
YHG-nyň Baş sekretary Hadi Soleimanpour, guramanyň geljek on ýylda agza ýurtlaryň arasyndaky umumy energiýa deňagramlylygy arkaly ýaşyl energiýanyň paýyny häzirki wagtdakydan ep-esli ýokary derejä çykarmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky maksatlaryny belläp geçdi.
Maslahatyň netijelerine görä, resmiler YHG-nyň çäginde energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmek maksady bilen Baku Jarnamasyny kabul etdiler. Bu resminama, YHG agza ýurtlaryň arasynda nebit, tebigy gaz, nebithimiýa we nebit önümleri bilen üpjün etmek, elektrik ulgamlaryny, sebitdäki elektrik energiýanyň söwdasyny, arassa energiýa çeşmelerini, energiýa netijeliligini ösdürmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde arassa energiýa ulanylyşyna geçmegi maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.
YHG 1985-nji ýylda döredilen sebitara ykdysady guramadyr. 1992-nji ýylda Türkmenistan YHG -nyň agzasy boldy.