Türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragy polimer önümlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýalarynyň 200-den gowragy polimer önümlerini öndürýär
Polimer önümleri gündelik öý hojalygynda, agrosenagat toplumynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda ulanylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan (TSTB) 200-den gowrak hususy kärhana häzirki wagtda polimerden dürli önümleri öndürmek bilen meşgullanýar. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhanalaryň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde Gyýanlydaky polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen gazhimiýa toplumynyň önümleri ulanylýar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýerleşýän gazhimiýa toplumynyň kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Telekeçiler ýylda takmynan 250 müň tonna polimer önümlerini öndürýärler. Öndürilýän önümlere gaýtadan we bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlary, senagat önümlerini daşamak hem-de saklamak üçin gaplar we sumkalar, turbalar, çaga oýunjaklary, mebel hem-de onuň esbaplary, kanselýariýa we gurluşyk harytlary degişlidir.

Polimer önümleri gündelik öý hojalygynda, agrosenagat toplumynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda ulanylýar.

2022