TSTB-niň düzüminde pudaklaýyn assosiasiýalar dörediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň düzüminde pudaklaýyn assosiasiýalar dörediler
Häzirki wagtda guşçulyk bilen meşgullanýan işewürleriň we ýyladyşhanalarda miwe we gök önümleri öndürijileriň assosiasiýalaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) düzüminde pudaklaýyn assosiasiýalar dörediler. Bu assosiasiýalar dürli önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan hususy işewürleri birleşdirer. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki sany assosiasiýany döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Olaryň biri ýurdumyzyň guşçulyk bilen meşgullanýan işewürlerini, beýlekisi bolsa ýyladyşhanalarda miwe we gök önümleri öndürijileri birleşdirer.

Täze assosiasiýalar oba-hojalygynyň senagat önümçiliginiň esasy ugurlaryny, esasan hem importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiligini artdyrmak maksady bilen döredilýär.

TSTB-niň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, assosiasiýalar hususy kompaniýalaryň işini utgaşdyrmaga we bu pudakda ýüze çykýan meseleleriň öz wagtynda çözülmegine ýardam berer. Şeýle hem birleşmeler kärhanalara alyp barýan işlerinde hukuk we konsultatiw maslahatlary berer.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçini özünde jemleýär.

2022