Türkmen kompaniýasy ÝTÖB-niň “Durnuklylyk baýragyna” mynasyp boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy ÝTÖB-niň “Durnuklylyk baýragyna” mynasyp boldy
Kompaniýanyň “Agromar” haryt nyşanly pomidorlary Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edilýär.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) tarapyndan gowşurylan 2021-nji ýylyň “Durnuklylyk baýraklarynyň” (Sustainability Awards) “Howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk” kategoriýasynda oba-hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan “Milli hasyl” hojalyk jemgyýeti kümüş baýraga eýe boldy.

ÝTÖB-niň “Durnuklylyk baýraklary” her ýyl bankyň müşderileriniň daşky gurşaw we jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda gazanan üstünlikleri üçin gowşurylýar. Şu ýyl bu çärä alty kategoriýa boýunça 62 sany dalaşgär gatnaşdy we olardan 21 sany taslama altyn, kümüş we bürünç baýraklary gowşuryldy. Bu barada ÝTÖB-niň geçen hepdede ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

“Howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk” kategoriýasynda kümüş baýragyna mynasyp bolan “Milli hasyl” HJ Türkmenistanyň Mary welaýatynda oba hojalygy önümçiligi bilen meşgullanýar. Kompaniýa “Agromar” haryt nyşanly pomidorlary ýurdumyzyň bazarlarynda alyjylara hödürleýär we hasylynyň belli bir bölegini Russiýa, Gazagystan hem-de Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edýär.

Geçen ýylyň dekabrynda ÝTÖB türkmen kompaniýasyna önümçilik desgalaryny giňeltmek üçin 2 million 500 müň ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini bölüp beripdi.

2022