Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 12 aýda ilkinji gezek düşdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde azyk önümleriniň bahalary 12 aýda ilkinji gezek düşdi
FAO-nyň azyk önüm baha indeksindäki düşüş esasan ösümlik ýaglarynyň, däne önümleriniň we süýt önümleriniň bahalarynyň peselmegi esasynda ýüze çykdy.

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary iýun aýynda 12 aýyň içinde ilkinji gezek aşak düşdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň azyk agentligi penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi iýun aýynda ortaça 124,6 bala ýetip, maý aýyndan bäri 2,5% we 2020-nji ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 33,9% ýokarlandy.

FAO-nyň azyk önüm baha indeksindäki düşüş esasan ösümlik ýaglarynyň, däne önümleriniň we süýt önümleriniň bahalarynyň peselmegi esasynda ýüze çykdy. Bu peselmeler etiň we şekeriň bahalaryndaky ýokarlanmagynyň öwezini doldy.

FAO-nyň ösümlik ýagynyň bahalarynyň indeksi iýunda 9,8% düşdi we dört aýyň iň pes derejesine ýetdi.

FAO-nyň galla önümleriniň bahasynyň indeksi maý aýynda 2,6%-e düşdi, ýöne 2020-nji ýylyň iýun aýyndaky bahasyndan 33,8% ýokarlandy. Esasy bugdaý öndüriji ýurtlarda hasylyň ýokary bolmagyna garaşylmagy netijesinde dünýä bazarlarynda bugdaýyň bahasy iýun aýynda 0,8% düşdi.

Hasabata görä, iýun aýynda süýdüň bahasynyň indeksi 1% düşüp, 119,9 bala barabar boldy.

Iýun aýynda FAO-nyň şekeriň bahasynyň indeksi maý aýy bilen deňeşdirilende 0,9% galyp, yzygiderli üç aýlap ýokarlandy we ençeme ýylyň dowamyndaky iň ýokary derejesine ýetdi. Ýaramaz howa şertleriniň dünýäniň iň uly şeker eksport edijisi – Braziliýanyň hasylyna ýetirjek täsiri şekeriň bahalarynyň galmagyna sebäp boldy, diýlip hasabatda bellenilýär.

Etiň bahasynyň görkezijisi dokuz aýyň dowamynda ösüşini dowam edip, iýun aýynda 2,1% ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,6% ýokarydyr.

FAO hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy duşenbe güni ýaýradan hasabatyna görä, esasy azyk önümleriniň bahalarynyň geljek on ýylda olara bolan islegiň peselmegi we önümçiligiň artmagy bilen düşmegine garaşylýar