Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary döredildi
Döwlet topary kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen hem meşgullanar.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli toparyň düzümini tassyklamak boýunça Karara duşenbe güni gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, döwlet topary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek hem-de milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak maksady bilen döredildi.

Şeýle hem döwlet topary kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmek meseleleri bilen meşgullanar.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümini tassyklady. Bu topar eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmagy hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek işlerini ýerine ýetirer.

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri diýlip senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň sany 200 adamdan geçmeýän, beýleki pudaklarda 100 adamdan geçmeýän ýüridiki şahslara hem-de hususy telekeçiniň özüni hem goşmak bilen işleýän işgärleriniň sanaw boýunça ortaça sany 10 adamdan geçmeýän, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere düşünilýär.