“Fitch” karz reýtingi näme?

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Fitch” karz reýtingi näme?
“Fitch Ratings” agentligi “Moody’s” we “Standard & Poor’s” bilen bir hatarda halkara karz reýting agentlikleriniň “uly üçlügine” girýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan “Fitch” reýting agentligi bilen gepleşikleri geçirýär. Gepleşikleriň netijesi boýunça ýurdumyza maýa goýum derejesini kesgitleýän karz üzmäge ukyplylyk reýtingi berler.

Fitch reýtingleri

“Fitch Ratings” agentligi “Moody’s” we “Standard & Poor’s” bilen bir hatarda halkara karz reýting agentlikleriniň “uly üçlügine” girýär. Bu agentlikler bir ýurda ýa-da iri kompaniýalara karz üzmäge ukyplylyk reýtingini berýär.

Karz reýtingleri maýa goýujylar, araçylar (meselem, maýa goýum banklary), kärhanalar we korporasiýalar tarapyndan maýa goýlanda ylalaşylan şertlerde algylaryny almak ähtimallygynyň derejesini görkezýän görkezijiler hökmünde ulanylýar.

Karz reýtingleri näme?

Agentlik kesgitlenen usullar we belli bir ölçegler esasynda kompaniýalaryň ýa-da ýurtlaryň maliýe durnuklylygyny seljerip, olara karz reýtinglerini berýär. Reýtingler belli bir kategoriýalar boýunça töwekgelçiligi pes derejeden iň ýokary derejä çenli kesgitleýär.

Agentligiň karz reýtingleri aşakdakylara berilip bilner:

  • korporasiýalar;
  • ýurtlar;
  • banklary we ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny içine alýan maliýe guramalary;
  • munisipal we beýleki jemgyýetçilik maliýe guramalary;

“Fitch Ratings” agentliginiň karz reýtingleri berilende karz töwekgelçiliginden başga töwekgelçilikler göz öňünde tutulmaýar.

“Fitch” reýting ulgamy harp shemasyny ulanýar. Mysal üçin, AAA reýtingi berlen kompaniýanyň ýa-da ýurduň karzy yzyna gaýtarmaga ukyplylygy has ýokarydyr we ygtybarly pul akymlaryna eýedir, D reýtingi berlen kompaniýa ýa-da ýurt karzy gaýtaryp bilmeýär diýmekdir.